Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar

Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagynyň arasynda, Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynda okuw kitaplary ýetmezçilik edýär.

Bilim resmileriniň köpüsi okuwçylara we ene-atalara ýetmezçilik barada gürrüň ýaýratmazlygy we elektron kitaplary satyn almagy tabşyrýar. Bu aralykda, mekdeplerde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Çagamyň zerur okuw kitaplarynyň diňe ýarysy berildi. Onuň synpdaşlarynyň käbirleri kitap ýetmezçiliginiň boljakdygyny öňünden eşidip, awgustyň başynda mekdep kitaphanasyndan kitaplary alypdyr. Biz we başga-da ençeme maşgala alyp ýetişmedi” diýip, çagasy Çärjew etrabynyň 25-nji mekdebinde okaýan ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar bilen Çärjewiň 22, 25, 28, 39, 31-nji, Saýat etrabynyň 3, 20, 22-nji we Türkmenabat şäheriniň 21 we 8-nji mekdepleriniň okuwçylary ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň ýetmezçiligi welaýatyň çetki etraplarynda, hususan-da, obalarynda has ýiti bolup, Hojambaz, Darganata we Köýtendag etraplaryndaky mekdepleriň okuwçylarynyň aglabasyna kitap ýetmeýär” diýip, welaýat Baş bilim müdirligindäki ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiz ýetmezçiligiň sebäbini hökümet tarapyndan berilmeli kitaplaryň ýeterlik möçberde müdirlige, şol sanda mekdeplere gelip gowuşmazlygy bilen düşündirýär. Bu maglumaty agzalan mekdepleriň administrasiýasy we mugallymlary hem, ene-atalara berýän düşündirişlerinde tassyklaýar.

Şol bir wagtda, olaryň köpüsi okuwçylara we ene-atalara ýetmezçilik barada gürrüň ýaýratmazlygy we elektron kitaplary satyn almagy hem tabşyrýarlar.

“Kitap ýok diýip, onda-munda gürrüň etmäň! Kitaplaryň elektron görnüşinde PDF formaty satylýar. Şony alyp, çap etdirip, özüňiz kitap ýasaň!” diýip, saýatly bir ene çagasynyň synp ýolbaşçysyny sitirleýär.

Ene-atalar her bir çaganyň 10-dan gowrak kitabyndan 5-den gowragynyň ýokdugyna ünsi çekip, kitaplary çap etdirmegiň ýüzlerçe manada barabar boljakdygyny aýdýarlar.

“Her kimiň oňa gurby çatmaýar” diýip, çagasy Türkmenabadyň 8-nji mekdebinde okaýan ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu aralykda, türkmenistanlylaryň giňden ulanýan IMO we LINK ýaly messenjerlerinde ähli mekdep kitaplarynyň PDF formatda, elektron görnüşinde satylýandygy hakynda mahabatlaryň köpelýändigini hem görmek bolýar.

Kitap ýetmezçiliginiň fonunda, Türkmenabadyň “Gök” bazarynyň ýanyndaky A. S. Puşkin adyndaky köpriniň aşagynda, kanselýariýa harytlaryny satyjylarda we şäheriň 1-nji etrapçasyndaky “Köneçiler” bazarynda gaty açylmadyk, umuman täze mekdep kitaplary satylýar.

“Bu kitaplar hususyýetçileriň eline nädip düşýär? Organ işgärleri näme sebäpden muňa üns bermeýärler?" diýip, türkmenabatly ençeme ene-ata nägileligini bildirýär.

Çeşmämiz we türkmenabatly mugallymlaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar kitaplaryň bazarlarda satylmagynda ýokary derejeli emeldarlaryň “eliniň bardygyna” ynanýarlar.

“Ýasama kitap gytçylygyny döredip, gara bazarda kitaplary satyp, käbir emeldarlar gazanç edýärler. Bolmasa beýle ýagdaý ýyllaryň dowamynda gaýtalanmazdy” diýip, türkmenabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň Baş bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri orta mekdepler üçin okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň işlenilip taýýarlanylýandygyny we neşir edilýändigini wagtal-wagtal habar berýär.

21-nji awgustda “Altyn Asyr Türkmenistan” neşiri altynjy synp üçin biologiýa okuw kitabynyň synag nusgasynyň çykarylandygyny mälim etdi. 2022-nji ýylda bolsa beýlekiler bilen bir hatarda, 8-nji synp okuwçylar üçin “Himiýa”, 9-njy synplar üçin “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa” we “Ykdysady we durmuş geografiýasy”, 10-njy synplara niýetlenen “Häzirkizaman tehnologiýalarynyň esaslary”, “Geometriýa” hem-de “Informatika” okuw kitaplarynyň neşir edilendigi aýdyldy.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda ýurduň mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi dowam edýär. Şu ýylyň başynda Mary welaýatynyň mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçiliginiň ýitileşmegi bilen, okuwçylara sanly kitaphanalardan peýdalanmak maslahat berildi. Ýöne habarçylarymyz Internetiň pes tizliginiň bilim mümkinçiliklerini çäklendirýändigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Zaman Türkmenistan PDF 20-12-2024
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-28
Suratly sözlük arkaly özbaşdak dil öwrenmegiň innowasion usullary
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-21
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-14
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-07-07