Lebabyň mekdeplerinde synag soraglarynyň jogaplary satylyp başlandy

Lebabyň mekdeplerinde synag soraglarynyň jogaplary satylyp başlandy

Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galanda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde synag soraglarynyň jogaplary satuwa çykarylyp başlandy.

Mekdep okuwçylary soraglaryň jogaplarynyň bir guty çilime hem satylýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we bilim pudagyndaky ynamdar çeşmesi 16-njy maýda sebitden maglumat berdi.

“Mekdep mugallymlary okuwçylara soraglaryň jogaplaryny ikiçäk gürrüňdeşlikde hödürleýärler. Synpdan-synpa geçiş synaglary 4-nji synpdan başlap, mekdebi tamamlaýan klaslara çenli dowam edýär. Ýöne mugallymlar esasan 7, 8, 9 we 10-njy synplary tamamlaýan okuwçylaryň synag soraglarynyň jogaplaryny satýarlar” diýip, türkmenabatly mugallym anonim şertde aýtdy.

Mekdep mugallymlarynyň we okuwçylaryň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, bu synplaryň synag soraglarynyň jogaplarynyň bahasy 80 manada çenli ýetýär. Şu ýyl mekdebi tamamlaýan 11-nji synplaryň jemleýji döwlet synaglarynyň soraglarynyň jogaplary has gymmatdan satylýar.

“Sebäbi çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmek isleýän ene-atalar jogaplary satyn alyp, bilim işgärlerine para, pul berip gowy bahaly gutardyş şahadatnamalaryny almaga çalyşýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýyly 25-nji maýda tamamlanýar. Şondan soňra synpdan-synpa geçiş synaglary geçirilip başlanýar we bu proses iýunyň başyna çenli dowam edýär. Mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň jemleýji döwlet synaglary adatça iýun aýynyň ortalarynda tamamlanýar.

Türkmenabadyň 27-nji, 28-nji, 35-nji we 41-nji mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň ençemesi käbir mugallymlaryň synag soraglarynyň jogaplaryny bir guty çilime satýandygyny aýdýar.

Olaryň tassyklamagyna görä, okuwçylaryň arasynda bu soraglary bir guty çilime satyn alyp, soňra klasdaşlaryna satyp, gazanç edýän çagalar hem bar.

“Bedenterbiýe mugallymym maňa bir guty çilim alyp beren ýagdaýymda iňlis dili synagynyň jogaplaryny berjek diýdi. Meniň özüme ol jogaplar gerek däl, maňa 3-lik baha bolsa-da bolýar. Men jogaplary alyp, her bir okuwça 10 manatdan satýaryn. Mugallyma alyp beren bir guty çilimiň bahasyny hem ödedim, artygyny hem özüme işledim” diýip, türkmenabatly bir okuwçy anonim şertde gürrüň berdi.

Welaýat baş bilim müdirligindäki ynamdar çeşmämiz we mugallymlaryň birnäçesi synag soraglarynyň jogaplarynyň satylmagy bilen bagly “biznesden” sebitiň we ýurduň bilim ýolbaşçylarynyň habarlydygyny aýdýarlar.

Olaryň tassyklamagyna görä, hatda soraglaryň jogaplary Bilim ministrligi tarapyndan ýaýradylýar. Bilim resmileri bu ädim bilen, Türkmenistan boýunça bilimiň hiliniň “ýokary derejededigini görkezmäge” çalyşýarlar.

“Düzgüne laýyklykda, matematikadan mysallar, türkmen dili we edebiýaty dersinden ýazylmaly düzmäniň temalary lotereý formasynda saýlanylýar we ol döwlet telekanallarynda göni ýaýlymda kesgitlenilýär. Emma lotereýanyň netijeleri galplaşdyrylýar. Mysallar we düzmäniň temalary bir aý ýaly öňünden belli bolýar” diýip, bilim müdirligindäki çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden, şeýle-de ýurduň Bilim ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde synag soraglarynyň jogaplarynyň satylmagy, ýaşlardan para, pul alynmagy bilen bagly tejribe onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýar. Bu ýagdaý esasan okuw ýylynyň soňky aýlarynda ýüze çykýar. Bu tejribe ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hem dowam etdirilýär.

Mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesi ýaş nesliň eýýäm bilim ojaklarynda para, pula öwrenişdirilýändigini, munuň sowatsyzlygyň we korrupsiýanyň çuň kök urmagyna getirýändigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy
Täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep mugallymlary ene-atalardan pul toplaýar
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Türkmenabadyň mekdepleri barlanýar, kemçilikleri düzetmek talap edilýär
Mekdeplerde okuwçylardan abatlaýyş işleri üçin pul toplanýar, synag soraglary satuwa çykarylýar
Sahna belentligi