11-nji dekabrdan 12-nji dekabra geçilýän gije Farab şäherindäki 1-nji mekdebiň binasy ýandy diýip “Türkmen.news” habar berýär.
Ýangyn mekdebiň golaýyndaky suw gazany otagynda (kotelnide) başlady.
Binanyň suw gazan ýerleşýän bölegine, mekdebiň üçegine uly zeper ýetdi.
Neşiriň çeşmesiniň maglumatyna görä, 13-nji dekabr Türkmenistanda işçi gün däl yglan edildi we zyýan çeken mekdebiň okuwçylary 14-nji dekabrda okuwyny dowam etdirerler.
Şol bir wagtda mekdep binasynyň aglaba bölegine zeper ýetdi. Şol sebäpli, okuwçylary beýleki mekdeplere geçirýärler we mugallymlaryň tölegsiz dynç alyşa ýollanmagy ähtimal diýip Azatlyk radiosy ýazýar.
Ýangyn 11-nji dekabrda ýary gije başlandy we ony 4 sagat soňra söndürmek başartdy, ýangyn söndürijileriň birine zeper ýetdi diýip radio mälim etdi. Ýangyn suw gazany otagynda gaz syzmagy netijesinde başlandy.
Bu fakt boýunça jenaýat işi gozgaldy we iki sany koçegar tutuldy.Olar işine seresapsyzlykda aýyplanýarlar.Wakanyň bolan ýerinden wideony oppozisiýoner Halmyrat Söýünow ÝuTube kanalynda ýaýratdy.The post Lebabyň Farab şäherindäki mekdebiň binasy ýandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.