“Lazurit” geçelgesi hakykata öwrülýär

Hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.Olar taslama bolmakdan çykyp, hakykata öwrülýär.Muňa Owganystanyň Hyrat şäherinden ýük kerweni ýola çykyp, “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesi (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) arkaly biziň ýurdumyzyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy doly şaýatlyk edýär.Hormatly Prezidentimiziň ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde, täze ugur boýunça ilkinji ýükler gatnadylyp başlandy.

Owganystanyň Hyrat şäherinden ilkinji ýük kerweniniň ugradylmak dabarasyna ýurduň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdy.Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça bu dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystana gitdi.Dabarada çykyş eden Owganystanyň Prezidenti bu ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi üçin uly tagalla eden hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti bu ulag geçelgesi arkaly owgan harytlaryny Ýewropa bazaryna çykarmaga giň mümkinçilik açylandygyny belläp, “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesiniň sebitiň ykdysady kuwwatyny has-da berkitjekdigini belledi. Şeýle hem dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistanyň bu ulag geçelgesini döretmek üçin saldamly goşant goşandygy bellenildi.

Hususan-da, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda 7.RECCA maslahatynda “Lapis Lazuli” ýa-da “Lazurit” (Owganystan Türkmenistan Azerbaýjan Gruziýa Türkiýe) multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi babatdaky ylalaşyga gol çekilipdi.Şeýle hem Türkmenistan öz hasabyna “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesine girýän Serhetabat (Türkmenistan) Turgundy (Owganystan) demir ýoluny gurdy we Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen halkara gatnaw ýollaryna birikdirilmegine goşant goşdy.Prezident Aşraf Gani we beýleki myhmanlar toý bagyny kesip, onlarça uly ýük ulaglarynyň “Lazurit” geçelgesi arkaly ýola rowana bolmagyna ak pata berdi.

Bu ýük kerweni “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly ilkinji synag gatnawy bolar.Owganystan ilkinji ýük kerweni arkaly pagtadan, guradylan miwelerden we künjüden ybarat bolan 175 tonnadan gowurak ýüki Turgundy menziline, şol ýerden hem demir ýol wagonlaryna ýüklenip, ýurdumyzyň çäklerinden geçip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugradylmagy üçin iberdi.

Ýeňiş MAMMOWOW, S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Azerbaýjan: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim
13.09.2019 | Türkmenistan Azerbaýjan: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim
Alyslara uzaýan dostluk ýollary
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham...
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar
21.01.2021 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler