Lawrow Ukraina Bilen Gepleşikleriň Dowamynda Çaknyşyklary Bes Etmejekdiklerini Aýtdy

Lawrow Ukraina Bilen Gepleşikleriň Dowamynda Çaknyşyklary Bes Etmejekdiklerini Aýtdy

Lawrow belarus kardeşi Sergeý Aleýnik, Respublika geňeşiniň we Wekiller Palatasynyň başlyklary bilen duşuşdy hem-de Prezident Aleksandr Lukaşenko tarapyndan kabul edildi.

Lukaşenko bilen duşuşykda dürli ugurlardaky özara gatnaşyklar, bileleşiginiň integrirlenme tapgyry, iki ýurduň arasyndaky Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasy, Ýewraziýa ykdysady bileleşigi we Garaşsyz döwletletleriň arkalaşygynda hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk we Ukraina meselesi hakynda pikir alyşyldy.

Lawrow sözlän sözünde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň “Ukrainanyň harby goşunlarynyň Doneskden, Luhanskdan, Hersondan we Zaporožýeden çekip, NATO agzalyk talabyndan el çeken halatynda resmi Kiýew bilen gepleşiklere başlap biljekdiklerini” teklip edendigini ýatlatdy.

Ukraina bilen gepleşiklere açykdyklaryny beýan eden Lawrow; “Gepleşikler başdan başlamaly. Gepleşiklere günbatar goşulmasyn. Gepleşiklere elmydama taýýardygymyzy aýtdyk, emma gepleşikleriň dowamynda ýörite harby operasiýalarymyzy bes etmeris. Ol 2022-nji ýylyň aprelinde bes edilipdi we aldadyldyk. Şeýle hem frontdaky şertler yzgiderli üýtgeýär we ol Ukrainanyň bähbidine däl” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
3-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
NATO Ukraina Gelen Halatynda 3-nji Jahan Urşy Başlar
Eýran Ermenistany goldady
Moskwada GDA-nyň Daşary Işler Ministrleriň Derejesindäki Maslahaty Geçirildi