Lawrow Ukrainanyň goşunlarynyn awgust aýynyň başynda Russiýanyň Kurs oblastyna girendigini ýatladan Lawrow, şol wagtlar rus raýat desgalaryna guralan hüjümin artandygyny beýan etdi.
Rus goşunynyn häzirki wagtda Ukrainanyň harby güýçlerini Kurskdan çykarmaga dowam edýändigini aýdan Lawrow, Kurskyň atom elektrik bekedi hakynda durup geçip; “Kursk atom elektrik bekediniň golaýyndaky ýagdaý iňňän dartgynly” diýdi.
Lawrow ukrain goşunynyň Zaporožýäniň atom elektrik bekedine hem hüjümler gurandygyny ýatladyp; “Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 11-nji awgustda guran hüjümi sebäpli ýangyn boldy. Ýangynda bekediň iki sowadyjy diňinden birine zeper ýetdi. Ol uly mesele. Günbatar muňa üns bermedi. Elindäki oýnatgylaryň aksiýalary Çernobil ýaly atom betbagtçylygyna sebäp bolup biler. Ol hem ilkinji nobatda Ýewropa zyýan ýetirer” diýdi.
Günbatary Ukrainanyň aksiýalaryna goldaw berýänlikde günäkärlän Lawrow, NATO-nuň uzak aralykly ýaraglar berendigini, harby kosmos maglumatlaryny ýetirýändigini, Russiýadaky infrastruktura desgalaryna hüjümleri utgaşdyrýandygyny aýtdy.