Lawrow Kamboçiýada guralan Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň Bileleşiginiň (ASEAN) 2022-nji ýyldaky maslahaty üçin Pahnon Penh şäherine guraýan saparynda metbugat işgärlerine beýannama berdi.
ABŞ-nyň we NATO-nuň Aziýa-Ýuwaş Umman sebitiniň gözegçiligini ele geçirmek isleýändigini öňe süren Lawrow; “Häzirki wagtda sebitde jebisleşdiriji ulgam bar. Emma ABŞ we NATO bu sebitiň gözegçiligini ele geçirmek isleýär” diýdi.
ABŞ-nyň Ukrainadaky şertleri “kabul edilmesiz diýip häsýetlendirmegi sebäpli ASEAN-yň sammitinde bilelikde karara gelinmändigini beýan eden Lawrow, Kamboçiýa tarapyndan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakynda beýannamanyň çap edilendigini aýtdy.
Lawrow günbataryň sebiti “harbylaşdyryp” Hytaýyň we Russiýanyň bähbitlerini hem gözegçilik astyna almak niýetiniň bardygyny hem-de onuň iň esasy görkezijisiniň Awstrliýanyň, ABŞ-nyň we Britaniýanyň arasyndaky AUKUS ylalaşygynyň yglan edilmegidigini aýtdy. Lawrow AUKUS ýaranlygyna Täze Zelandiýanyň, Kanadanyň we Ýaponiýanyň hem goşulmagy üçin tagalla edilýändigine ünsi çekdi.
ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Awstraliýanyň liderlri 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda AUKUS Şertnamasy bilen Awstrliýa atom energiýasy bilen işleýän deňizasty tehnologiýasyny berjekdiklerini beýan edipdi.