Russiýanyň daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Belarussiýa sapar guran Sergeý Lawrow, kärdeşi Sergeý Aleýnik bilen geçiren gepleşiklerinden soň metbugata beýannama berdi.
Günbatar ýurtlaryň Ukraina krizisine we Ýewropadaky howpsuzlyk ulgamynyň çöküşine sebäp bolýan aksiýalaryny ýazgarýandyklaryny aýdan Sergeý Lawrow: "Ýewraziýa sebitinde deň we bölünmez howpsuzlyk binagärçilik döredilmelidir" diýip beýan etdi.
"Günbataryň Ukrainada ýörite harby operasiýanyň başlamagyndan bäri meseläniň syýasy we diplomatik ýollar bilen çözgüt tapgyry, giňişleýin ýarag üpjünçiligi bilen bagly beýan eden we durmuşa geçiren ähli zady ultimatum görnüşinde" diýip aýdan Sergeý Lawrow, Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putiniň 14-nji iýunda beren "birikmelerini Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitlerinden çekmegi we NATO-nyň düzümine goşulmagy isleginden ýüz öwüren halatynda, Kiýew bilen gepleşiklere başlap biljekdikleri" bilen bagly teklibiň oňaýsyz kabul edilendigini ýatlatdy.
Ukraina bilen gepleşikler geçirilmegi bilen bagly meseläniň üstünde durup geçen Lawrow: "Hiç kim bilen gizlin gepleşikler geçirmeýäris. Günbatar adalatly gepleşikleriň geçirilmegini ret edýär" diýip mälim etdi.
Belarussiýanyň daşary işler ministri Sergeý Aleýnik hem Günbataryň Belarussiýa we Russiýa garşy bikanun sanksiýa durmuşa geçirýändigini we oňa degişlilikde jogap bermäge dowam etjekdiklerini habar berdi.