Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar

Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar

Latyn Amerikada ýaşaýan osmanly nesilleri, ýagny “El-Turkolar” gazanýan üstünlikleri bilen ýaşaýan ýurtlarynda at-abraý gazanýarlar.

Köp sanly osmanly XIX asyrda Osmanly imperiýasyndan Latyn Amerika göçüpdir. Olar “El-Turko” hökmünde tanalyp, bu gün ol ýurtlarda syýasat, işewürlik, sungat, edebiyat ýaly ençeme ugurda uly üstünliklere eýedirler.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu hepdedäki sanynda Latyn Amerikada ýaşaýan “El-Turkolar” diýip tanalyan osmanly nesilleriniň üstünlikleri hakynda gürrüň bermek isleýäris.

1860-njy ýyldan Birinji jahan urşunyň soňuna çenli Osmanly imperiyasyndan Latyn Amerika dürli immigrasiya tolkunlary bolup geçdi.

Immigrasiýa tolkunlary Günbatarda Ortaýer deňizi Gündogarda bolsa Mesopotamiya bilen çäkli, häzirki Türkiye, Siriýa, Liwan, Ysraýyl, Iordaniya, Palistina we Müsür ýaly döwletleri öz içine alýan sebit bolan Lewant sebitinden amala aşyp, bu göçüşlere esasan hristiýanlar, araplar, jöhitler, ermeniler gatnaşypdyr.

Munuň bilen bilelikde II Jahan urşy hem Latyn Amerika köp sanly göçhä-göçlüklere sebäp boldy.

Bu migrantlar ABŞ-ny, şol sanda Azatlyk heýkelini görmek maksady bilen ýola çykan hem bolsalar, Rioda Isa heýkeli tarapyndan garşy alyndy.

Has gowy gelejek üçin Amerika kontinentine baran migrantlara Osmanly halky bolandyklary sebäpli ol ýerde “türk” diýmek bolan “Los Turkos” ýa-da “El Turko” diýip beripdirler.

Käbir araplar, jöhitler we ermeniler özlerine “Los Turkos” diýip atlandyrmaklyga garşy çyksalar hem bu söz häzirem latyn amerikalylar tarapyndan ulanylmaga dowam edýär.

Osmanly Imperatorlygy we käbir latyn amerikan ýurtlary arasyndaky diplomatik we konsullyk gatnaşyklarynyň başlamagy şol döwüre gabat gelipdir.

Açyk çeşmelerde Latyn Amerika XIX asyrda Osmanly pasporty bilen giren “Turkolaryň” häzirki wagtda bu ýurtlarda 30 million ilata ýetendigi, olaryň aglaba böleginiň araplardan ybaratdygy bilinýär.

Häzirki döwürde El Turkolaryň nesilleri syýasatda, işewürlikde, sungatda, edabiýatda ençeme adamlaryň arzuw edäýjek derejelerinde işleýärler.

Latyn Amerikadaky 3 ýurduň döwlet baştutany osmanly

El Turkolaryň nesilleri bu gün söwdada, syaýasatda, býurokratiýada wajyp pozisiýalary eýeleýärler.

Osmanly migrantlary Argentinada, Braziliýada, Salwadorda, Dominik Respublikasynda, Ekwadorda, Paragwaýda syýasatda söz eýeleri bolup bildiler.

Bularyň häzirki wagtdaky mysallarynyň iň esasylary Salwadoryň döwlet baştutany Naýib Bukele, Paragwaýyň döwlet baştutany Mario Abdo Benitez we Dominik Respublikasynyň döwlet baştutany Luis Abinaderdir.

Bular bilen bilelikde 2016-2018 ýyllarda Braziliýada döwlet baştutany bolan asly Liwiýaly bolan Mişel Temer, Ekwadoryň 41-nji döwlet baştutany asly Liwiýaly bolan Jamil Mahuad, 1989-1999 ýyllarda Argentinada döwlet baştutany bolan asly Siriýaly bolan Karlos Menem Osmanly Imperatorlygyndan göçüp baran wajyp syýasatçylaryň käbirleridir.

Dünýäde ady belli El Turkolar

Söwda we syýasatdan başga ata-babasy Osmanlydan gelýän Latyn Amerikalylar medeniýetde, ylymda, sportda we sungatda hem wajyp üstünlikleri amala aşyrypdyrlar.

Oňa mysal hökmünde 16 sany Gremmi sylagynyň eýesi Kolumbiýaly aýdymçy Şakira, aktrisa, rejisýor we prodýuser Salma Haýek ýaly adamlary agzap geçsek ýerine düşdügimiz bolar.

Beýleki ady belli arap latynlary agzap geçmek islesek, Forbsa görä dünýäniň 8-nji iň baý adamy Karlos Slim, Braziliýaly ýazyjylar Raduan Nassar we Milton Hatoum we Argentinaly Aktýor Rokardo Darin ýaly adamlary sanap bileris.

Mundan başgada Latin Amerikadaki ýurtlaryň her birinde diýen ýaly Osmanly halkynyň arasyndan gelen migrant toparlary tarapyndan dolandyrylýan medeni we sosial guramalar hem bardyr.

Mysal üçin Çilide ýarym million töweregi palestinaly agzasy bolan Palestina-Çili guramasynyň “Palestino” atly 103 ýyllyk professional futbol topary bardyr.

E.I. Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu hepdedäki sanynda Latyn Amerikada ýaşaýan “El-Turkolar” diýip tanalyan osmanly nesilleriniň üstünlikleri hakynda gürrüň berdik.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtlar Ankaradaky hüjümi ýazgarýarlar
Meksikada terk edilen ýük ulagynyň içinde 343 immigrant tapyldy
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ekwadorda Türkiýäniň Gözellikleri Sergisi Açyldy