Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe hökmünde Latyn Amerika ýurtlary bilen edilýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.
Resmi sapar bilen Kolumbiýa giden Daşary işler ministri Çawuşogly, kärdeşi Marta Ramirez bilen duşuşdy.
Çawuşogly bilen Ramirez özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam edýändigine ünsi çeken Çawuşogly, “Maý aýynda Kolumbiýanyň Prezidenti İwan Dukeni ýurdumyzda myhman almakdan hoşal bolarys. Bu saparyň netijeli geçmegi üçin dostum Marta Lusiýa bilen birlikde degişli taýarlyklary göreris. Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.
Türkiýe hökmünde Latyn Amerikada ýerleşýän ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerini nygtan Çawuşogly “Sebitimizde dartgynly günleriň we Ukraina söweşiniň dowam edýändigine garamazdan ozal meýilleşdirlen sapary yza süýşürmän amala aşyrmak sebitde ýerleşýän ýurtlara uly ähmiýet berýändigimizi görkezýär” diýdi.
20 ýyl ozal sebitde Türkiýäniň diňe 6 ilçihanasynyň bardygyny nygtan Çawuşogly “Şu günki günde bolsa 18 wekilhanamyz bar. Gysga wagtda San Salwadorda hem ilçihana açarys. Sebit ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarymyz 1 milliard dollardan 15 milliard dollara çeni baryp ýetdi. Biz Kolumniýany, Latyn Amerikadaky esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri hökmünde görýäris” diýip belledi.