“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi

UEFA Ýewropa Ligasynda 2-nji duşuşyklar geçirilip, 7 topar myhmançylykda, 5 toparam öz meýdançasynda ýeňiş gazandy. 6 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Jemi 48 gol geçirildi. 5 topar 2-nji duşuşyklarynda-da ýeňiş gazanyp, ýitgisiz ýoluny dowam edýär.

Şolaryň biri iňlis klublaryndan “Tottenham” myhmançylykda “Ferenswaroşy” Sarr hem-de Jonsonyň gollary bulen 2-1 hasabynda utdy. “Lasio” hem öz meýdançasynda “Nissany” 4-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda italýan toparynyň gollaryny Pedro, Kastelýanos (2), Zakkanýi derwezä girizdi.

Öz çempionatynda o diýen şowly çykyş etmeýän hem bolsa, “Lion” Ýewropa Ligasynda 2-nji duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy. Myhmançylykda “Reýnjersi” Fofana (2) hem-de Lakazettiň (2) gollary bilen 4-1 ýeňen “Lion” ýeňlişsiz ýörişini dowam edýär.

Belgiýanyň “Anderleht” topary-da myhmançylykda “Real Sosiedaddan” 2-1 üstün çykyp, utugyny 6-a çykardy. Rumyniýanyň FKSB (ozalky “Stýaua”) topary-da 2-nji ýeňşini gazanan toparlaryň biri boldy.

Angliýanyň meşhur topary “Mançester Ýunaýted” bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Myhmançylykda “Porto” bilen duşuşan mankunianlar soňky minutda hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. Şonuň ýaly Türkiýäniň “Galatasaraý” topary-da myhmançylykda RFS topary bilen duşuşyp, 2-0 öňe saýlansa-da, ýeňşi elden giderdi we 1 utuk bilen ýurduna dolandy.

RFS Galatasaraý: 2-2 (Ikaunieks 40, Odişariýa 55 Mertens 12, Akgün 38)

Ferenswaroş Tottenham: 1-2 (Warga 90 Sarr 23, Jonson 86)

Makkabi Tel-Awiw Midtýullan: 0-2 (Frankulino 39, Çilufiýa 89)

Olimpiakos Braga: 3-0 (El Kaabi 45, 59, Hezze 53)

Garabag Malmö: 1-2 (Juninio 15 Botheim 19, 47)

Real Sosiedad Anderleht: 1-2 (Marin 5 Waskes 28, Leoni 39)

Lasio Nissa: 4-1 (Pedro 20, Kastelýanos 35, 53, Zakkanýi 67 p Boga 41)

Slawiýa Praga Aýaks: 1-1 (Çori 67 Wan de Boomen 18 p)

Hoffenhaým Dinamo Kiýew: 2-0 (Hložek 22, 60)

Atletik Bilbao AZ Alkmaar: 2-0 (Iniaki Williams 72, Sanset 85)

Beşiktaş Aýntraht: 1-3 (Masuaku 90+3 Marmuş 19 p, Dina Ebimbe 22, Knauff 82)

Porto Man. Ýunaýted: 3-3 (Pepe 27, Omorodion 34, 50 Reşford 7, Hýoýlunn 20, Maguaýr 90+1)

Twente Fenerbahçe: 1-1 (Wlap 29 Tadiç 71)

Wiktoriýa Plzen Ludogores Razgrad: 0-0

Elfsborg Roma: 1-0 (Baidu 44 p)

PAOK FKSB: 0-1 (Birligea 45+8)

Ýunion Sen-Žilluaz Bude-Glimt: 0-0

Reýnjers Lion: 1-4 (Lawrens 14 Fofana 10, 55, Lakazett 19, 45+1)

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Serbiýanyň ýygyndysy
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi