Lasionyň hüjümçisi Çiro Immobile 2019/2020 möwsümi üçin Altyn butsy baýragyny aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Rimiň häkimi Wirjiniýa Ragginiň we Lasionyň prezidenti Klaudio Lotitonyň gatnaşmagynda Kampidolýo şäher häkimliginde geçirildi. Bu barada bobsoccer.ru habar berýär.
Ýatlap geçsek, baýrak milli çempionatynda has köp gol girizen oýunçylara berilýär. 2019/20-möwsüminde Immobile Italiýanyň çempionatynda Lasio üçin 36 pökgi girizdi. Bäsleşikde ikinji orny Bawariýa üçin 34 gol salan Robert Lewandowski, üçünji orny A Seriýanyň ýene bir wekili Kriştianu Ronaldu eýeledi. Geçen möwsümde onuň hasabynda 31 gol bar.