Lappiniň ilkinji ýeňşi

Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 9-njy bäsleşigi Finlýandiýada geçirilip, onda ýer eýesi hökmünde çykyş eden Esapekka Lappi ýeňiş gazandy. “Toyota GAZOO Racing” toparynyň fin piloty 25 tapgyrdan ybarat 314,20 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 29 minut 26,9 sekuntda tamamlady.

Bu onuň karýerasyndaky ilkinji ýeňşidir.Ondan 30 sekunt soň pellehanadan geçen “M-Sport” (“Ford”) toparyndan Beýik britaniýaly Elfin Ewans 2-nji ýeri eýeledi. Ýeňijiniň topardaşy hem watandaşy Ýuho Hanninen 3-nji bolup pellehanadan geçdi.

Dünýä Ralli çempionatynda 9 ýaryşdan soň, umumy sanawda çempionlyk ýaryşy has-da gyzyşýar.Finlýandiýa Rallisinde 6-njy ýeri eýelän Tierri Noýwill utugyny 160-a ýetirip, sanawyň täze lideri boldy. 160 utukly Sebastian Ožie 2-nji orna düşdi.

Estoniýaly Odd Tanak 119 utuk bilen 3-nji, 114 utukly Ýari-Matti Latwala 4-nji hatarda barýar.Möwsümiň indiki ýaryşy 18-nji awgustda Germaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Ožie aratapawudy azaltdy
Tanaka taý tapylmady
Finlýandiýada Tanak ýeňiş gazandy
Hamilton we Tanak arany açýar
Ožie 6-njy gezek ýeňiji boldy
Şu möwsümde 3-nji gezek