Lapis — Lazuli ulag geçelgesi boýunça indiki ministrler duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

Lapis — Lazuli ulag geçelgesi boýunça indiki ministrler duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýokary wezipleri wekilleriniň gatnaşmagynda Lapis — Lazuli (Lazurit) ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Lapis — Lazuli ulag geçelgesiniň ugrundaky ýurtlarda bu taslama arkaly söwdany ýeňilleşdirmek, medeni gatnaşyklary berkitmek we sebitdäki ykdysady ösüşi goldamak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar infrastruktura gönükdirilen maýa goýumlary, ýol we demirýol ulaglaryndaky nyrhlar hem-de gümrük tejribesi, şeýle-de administratiw meseleler we howpsuzlyk çäreleri barada pikir alyşdylar.

Ministrler derejesindäki duşuşygyň esasy maksady bu ulag geçelgesiniň transport we logistika prosesiniň her tapgyrynda döräp biljek bökdençlikleri we töwekgelçilikleri aradan aýyrmagyň giňişleýin meýilnamasyny düzmekden boldy. Şunuň bilen baglylykda, tehniki derejedäki ýygnaklary ýylda azyndan iki gezek geçirmek we gazanylan üstünliklere hem-de toplanan tejribä baha bermek üçin ministrleriň derejesinde ýylda bir gezek duşuşyk guramak kararyna gelindi.

Lapis — Lazuli ulag geçelgesi boýunça indiki ministrler duşuşygy Türkmenistanda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATY
Garaşsyzlyk ýyllarynda demir ýol ulgamynda gazanylan ösüşler
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag boýunça 4 sany Kararnama kabul etdi