Lans Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýaş goragçysy bilen şertnama baglaşdy

Lans Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýaş goragçysy bilen şertnama baglaşdy

Liga 1-iň geçen möwsüminde ikinji orny eýeläp, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanan Lans futbol topary Özbegistanyň milli ýygyndysynyň 19 ýaşly goragçysy Abdukodir Husanow bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

Husanow futbol ýoluna Bunýodkoryň akademiýasynda başlady. Ol 2021-nji ýylda Belarusyň Energetik-BGU-sy bilen şertnama baglaşyp, iki möwsümde 37 duşuşyga çykdy. Ol şol duşuşykda dört gol geçirip, şonça goluň assistini berdi.

Hussanow şu ýyl Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hatarynda Aziýanyň çempiony bolup, dünýäniň U-20 çempionatyna gatnaşdy. CAFA 2023-de bolsa milli ýygyndy bilen üç duşuşyk geçirdi.

Husanow Lansyň taryhyndaky ilkinji özbegistanly futbolçydyr. Klub oňa 25-lik belgini berip, 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Klubyň metbugat gullugy Husanowy seýrek gabat gelýän aziýaly zehin hökmünde häsiýetlendirýär.

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä kubogy ― 2026-nyň ikinji saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Çempionlar Ligasynda hepdäniň iň owadan goly saýlandy