“Land Rover” elektrokar taýýarlaýar

Kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Land Rover” elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürýän kompaniýalaryň hataryna goşular. 2030-njy ýyldan başlap, diňe elektroulag öndürjekdigini mälim eden “Jaguar Land Rover”, ilkinji nobatda, elektrik energiýasy bilen işleýän SUV ulaglaryny müşderilere ýetirer. Ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Land Rover” adaty ýangyçly ulaglarynyň önümçiligini dolulygyna aradan aýyrmak isleýändigini mälim etdi.

Iňlis brendi ilkinji elektroulaglaryny 2024-nji ýylda satuwa çykarar.Kompaniýa ulaglarynyň “elektrikleşmegi” üçin 3,5 milliard dollar maýa goýum goýar. “Modular Longitudinal Architecture” (MLA) atly platformanyň bazasynda işlenip düzüljek awtoulaglaryň önümçiliginden alýumin materiallar has köp ulanylar. Şeýlelikde, onuň umumy agramy azaldylar.

Ilkinji nobatda gibrid, soňlugy bilen dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar öndüriler. Ýeňil materialdan ýasalmagy netijesinde ulagyň batareýasy üçin goşmaça ýer emele geler hem-de bu energiýany tygşytlamaga ýadam eder.

The post “Land Rover” elektrokar taýýarlaýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
Jemleýji bäsleşigiň ýeňijisine “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagy gowşuryldy
Russiýanyň Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrmak baradaky kararyna reaksiýa bildirilýär
Polşa, Ruminiýa we Litwa Ýer Titremesi Sebäpli Türkiýä Kömek Berer
Deňizde öndürilen energiýa kenara getiriler
“Awatar: suwuň ugry” ähli babatda 1-nji kinodan öňe saýlanýar
Zelenskiý 7 Ýurduň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi