Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi

Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi

Lamborghini kompaniýasyny esaslandyryjy Ferruçço Lamborgini "Awtoulag şöhrat zalynyň" (Automotive Hall of Fame) agzasy hökmünde ykrar edildi. Bu zal awtoulag senagatynyň has mynasyp wekillerini şu at bilen belli edýän muzeý. Belläp geçsek, onuň gönüden-göni bäsdeşi Enso Ferrari "Awtoulag şöhrat zalyna" mundan on iki ýyl ozal girizilipdi.

Lamborghini Automobile kompaniýasynyň peýda bolmagynda Enso Ferrariniň hut özi gytaklaýyn günäkär hasaplanýar. Traktor gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ferruçço Lamborgini 1958-nji ýylda özüniň Maranelloly ilkinji gran-turýerini, Ferrari 250GT-ni döretdi. Bu awtoulagdan onuň şeýlebir göwni geçipdir welin, ol ähli taraplaýyn göwnüne jaý boljak öz hususy modelini işläp taýýarlamagy ýüregine düwýär.

"Awtoulag şöhrat zaly" awtoulag gurluşygynyň ilkinjileri hem-de tutuşlygyna pudaga we awtosportuň ösüşine özleriniň aňrybaş täsirini ýetiren adamlary hatyralamak üçin 1939-njy ýylda ABŞ-da esaslandyrylypdyr. Onuň agzalarynyň arasynda (dünýä awtosenagatynyň baş kompaniýalaryny esaslandyryjylary öz içine almak bilen) meşhur senagatçylar, bezegçiler we konstruktorlar, türgenler we şolar ýalylar bar.

Ýene degişli makalalar

Pariž awtoulag sergisi başlady
Duşenbe şäherinde Counter-Strike we GTA wideooýunlary gadagan edildi
Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar
Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy