Türkmenistanyň tebigaty özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.Onuň kölegeli dag jülgeleri, süýji suwly çeşmeleri we şarlawuklary, heýjana getirýän gowaklary we ýerasty kölleri, dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasy, oazisleri, emeli we tebigy kölleri, wulkanlary adamlary haýran galdyrýar.
Wulkanlar tebigatyň täsin hadysalarynyň biridir.Wulkanlaryň güýçli partlamasy gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir.Ylmyň we tehnikanyň döremegi bilen adamlar olaryň syrlaryny açmagy öwrenýärler.Wulkanlar geologlara peýdaly mineral daşlaryň onlarçasynyň, hat-da ýüzlerçesiniň gelip çykyşynyň syrlaryny açmak üçin açar bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanda hem nebit we gaz ýataklary bilen baglanyşykly bolan läbik wulkanlar bar.Läbik wulkanlar täsin tebigy hadysadyr.Bu özboluşly geologiki emele gelmelerdir.Olar köplenç suw we nebit bilen garyşan, yzygiderli ýa-da wagtal-wagtal ýerden atylyp çykýan läbik we gazyň garyndysydyr. Şeýle wulkanlary we olaryň galyndysyny öwrenmegiň uly ähmiýeti bardyr: olar nebit-gazly ýerleriň çuňluklarynyň gurluşyny öwrenmäge ýardam berýär we şonuň bilen baglylykda nebitiň we gazyň gözlegleri üçin sarp edijiligi ep-esli azaltýar.
Läbik wulkanlar Türkmenistanyň günbatarynda, Hazar deňziniň gündogar kenarlar ýakalarynda ýerleşýär.Gelip çykyşy boýunça bu wulkanlar aşaky we orta antropogen döwrüne (1,8 mln. ýyl mundan ozal), käbirleri golosene (100 müň ýyl mundan ozal) degişli bolup, häzirki döwürde hem dowam edýär.
Häzirki wagtda bu wulkanlar tebigy geologiki ýadygärliklere degişlidir.Türkmenistanda bu wulkanlaryň ählisine gaýnak diýilýär.Ondan başga-da her wulkanyň daşky aýratynlygy ýa-da atylma häsiýetleri boýunça özboluşly atlary bar.
Türkmenistanyň wulkanlaryny ilkinji bolup F.Maýewskiý 1897-nji ýylda günbatar Türkmenistanyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň ählisini diýen ýaly Zakaspiý oblastynyň ýer asty baýlyklary (Sankt-Peterburg, 1897ý.) atly kitabynda ýazyp beýan edýär. 1913-nji ýyldan başlap wulkanlary K.P.Kaliskiý öwrenip başlaýar.
Ol Çekişler, Tüýnükli, Akpatlawuk we Porsy atly wulkanlary ýazyp beýan edýär.Soňra W.H.Weber bilen bilelikde Alagül, Günbatar Porsyköl we Gülgüne Porsyköl ýaly läbik wulkanlary ýazýar. ХХ asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda S.A.Kowalewskiý işleýär we nebit känleri bilen bilelikde läbik wulkanlary öwrenýär. 1940-njy ýylda ol Грязевые вулканы Южного Прикаспия atly kitaby ýazýar we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň läbik wulkanlarynyň ýazgysyny edýär.
Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Çekiçler sebitiniň läbik wulkanlaryny A.I.Kosygin öwrenýär, şeýle hem läbik wulkanlaryň nebit känleri bilen göniden-göni baglanyşyklygyny subut edýär. 40-50-nji ýyllarda Günorta-Günbatar Türkmenistanda geologiýa we geofizika ylmy-gözleg işleri giň ähmiýete eýe bolýar.
Olaryň hemmesi nebit we gazyň gözlegleri bilen bagly bolup durýardy.Geofiziki işleriň netijesinde ýeriň aşagynda hem wulkanlaryň bardygy kesgitlenildi. Ýeriň aşagyndaky ýaly ýeriň üstündäki wulkanlar hem Türkmenistanyň günorta-günbatar böleginde nebit-gaz gatlaklarynda ýerleşýär. ХХ asyryň 50-nji ýyllarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän läbik wulkanlaryň gözegçilik işleri maksada okgunly ýerine ýetirilip başlanýar.
Türkmenistanyň belli geology, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty N.O.Nazarow Günorta-Günbatar Türkmenistanyň läbik wulkanlarynyň kartasyny we 30-dan gowrak wulkanlary beýan edýär.Bu işlerinde aýratyn läbik wulkanlar dünýä ähmiýetli tebigy ýadygärlik hökmünde ilkinji gezek baha berilýär. Çekişler läbik wulkany Esengulynyň 15 kilometr demirgazygynda we Çekişler obanyň 1kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär.
Bu wulkan Gaýnak läbik wulkany ýaly, köp wagtlap Hazar deňziniň düýbinde hereket edýär, emma 1935-1936-njy ýyllarda ol kenara çykýar.Porsy läbik wulkany häzirki wagtda iň işjeň hereket edýän we Günorta-Günbatar Türkmenistanyň iň uly wulkanlarynyň biri.
Onuň beýikligi 65 metr, daş töwereginiň diametri 1,5 kilometre barabar.Ondan çykýan metanyň we aýratyn agyr uglewodorodlaryň porsy ysy wulkanyň ady bilen baglydyr. 1955-nji ýylda wulkanyň depesi 5-6 metr çuňlyga çökýär we ol uly oýy emele getirýär.
Porsy wulkanyň çökmegi Çekiçler wulkanyň partlamagy bilen gabat gelýär.Mümkin, Porsy wulkany gös-göni gelip çykyşy boýunça Çekişler Akpatlawuk Tüýnükli Keýmir wulkanlar bilen arabaglanyşyklydyr, sebäbi olardan 18-20 kilometr gündogarynda ýerleşýär.
Hereketdäki wulkanlar geologiýa ylmynyň köp soraglarynyň jogabyny tapmaga ýardam edýär.Gadym döwürlerden bäri wulkanlaryň we wulkan jynslarynyň dürli ýerasty baýlyklary bilen ýakyn baglanşyklydygy ýöne ýerden däldir.Dünýä belli alym I.M.Gubkin bolsa, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň läbik wulkanlaryny öwrenip, nebit känlerini şol ýerde gözlemelidigini subut edýär.
Häzirki wagtda Günbatar Türkmenistanyň läbik wulkanlarynyň hemmesiniň töwereginde ýer asty baýlyklaryň özleşdirilmegi hem tötänlikden däldir.Ondan başga-da wulkanlaryň läbigi kosmetologiýada hem ulanylýar.Köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň dermanhanalarynda melhem palçykly gutyjyklary görmek bolýar.
Bu palçygyň himiki we tebigy düzümi adamyň ýüzündäki ýygyrtlary ýazmaga we ýaşartmaga ýardam berýär.Türkmenistanyň günbatarynda häzire çenli wulkanlaryň hereket edýändigini bilýänler azdyr.Bu ýerlere diňe bir gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin dälde, eýsem täsinlikleri görmek üçin hem gidip bolýanlygyny aýtmak gerek. Ýurdumyzyň şular ýaly adaty bolmadyk täsin künjekleri syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň ünsüni özüne çekýär. Şonuň üçin hem syýahatçylyk kärhänalary bilen bir hatarda Syýahat žurnaly hem isleg bildirýänlere täze syýahat ugurlaryny we amatly syýahat gezelençleri hödürleýär.
Güljemal ANNAMYRADOWA