Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy

Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy

Tebigatda ýokary basyş we gyzgynlyk netijesinde ýüzlerçe ýylyň dowamynda emele gelýän göwher daşy laboratoriýa şertlerinde ýasaldy. “Phys.org” saýtynyň habaryna görä, Milli Awstraliýa hem-de RMIT uniwersitetleriniň hünärmenleri otag temperaturasynda iki görnüşli göwher ýasadylar.

Bu barada “Small” žurnalynda ylmy makala çap edildi.Göwherleriň biri nika ýüzüklerindäkilere meňzeş.Beýlekisiniň tebigatda duş gelýän, hrustal gurluşly, altyburç şekilli diýlip atlandyrylýan “Lonsdaleite” göwheridigi mälim edildi.

Adatça, göwher millionlarça ýylyň dowamynda ýokary basyşly we aşa gyzgyn şertlerde, Ýeriň belli bir çuňlukdaky gatlagynda emele gelýär.Emeli usulda gymmat bahaly göwher daşyny ýasamak üçin başga taslamalar hem durmuşa geçirilýär.

Mundan ozal hytaýly hünärmenler hem şeýle göwheri döredendiklerini mälim edipdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talap edilýär
Türkmen alymlary tehniki ýaglaryň we dökünleriň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrýarlar
Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige
Türkmen biologlary telekeçilere probirkalarda pawlowniýany köpeltmäge ýardam berýärler
“Hazarekogözegçilik”: Hazaryň kenarýaka zolagynyň ekologiýa görkezijileri kada laýyk gelýär
Burna çalynýan waksina ýene üç aýdan elýeterli bolar
Türkmenstandartlary Gullugy halkara akkreditasiýasyny tassyklady