L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi

L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi

Dünýäde iň iri kosmetika önümlerini öndürijileriň biri bolan L'Oreal SA kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginde satuwlaryny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,4 göterim, ýagny 10 milliard ýewro çenli artdyrdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat habarynda aýdylýar diýip, Kapital.kz ýazýar.

Ýewropada satuwlar 12,9 göterim, ýagny 3,25 mlrd ýewro, Demirgazyk Amerikada 5,5 göterim, 2,98 mlrd ýewro, Latyn Amerikasynda 24,9 göterim, 844,1 mln ýewro, galan sebitlerde 12,4 göterim, 885,4 mln ýewro çenli ýokarlandy.

Demirgazyk Aziýada welin, satuwlar 15,1 göterim, 2,05 mlrd ýewro çenli kemeldi.

L'Oreal ýüze çalynýan boýaglary, atyrlary, deri we saç idegi boýunça serişdeleri öndürýär, ol 35 sany, şol sanda meşhur Yves Saint Laurent, Lancome, Garnier, Vichy, Maybelline, Giorgio Armani, Prada we Kiehl's brendleriniň eýesidir.

Ýene degişli makalalar

L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Dolce & Gabbana kolleksiýalarynda sütük ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi