L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy

L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy

Dünýäde iň uly kosmetika öndürijileriniň biri bolan L’Oreal SA fransuz kompaniýasy üçünji çärýekde satuwy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,7% - 9,575 mlrd ýewro çenli ýokarlandyrdy diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär. Muny kapital.kz ýetirýär. Deňeşdirip bolýan satuwlar 9,1% ýokarlandy. Analitikler görkezijiniň ortaça 9,05 mlrd ýewro derejesinde bolmagyny çaklapdylar.

L’Oreal girdejiniň ähli bölümçelerde we ähli iş sebitlerinde ýokarlanandygyny belledi.Geçen çärýek satuw Günbatar Ýewropada 12,1% - 2,88 mlrd ýewro çenli, Demirgazyk Amerikada 27,7%, 2,8 mlrd ýewro çenli, Demirgazyk Aziýada 11,3%, 2,4 mlrd ýewro çenli, Latyn Amerikasynda 36,5%, 675,6 mln ýewro çenli, galan sebitlerde 41,5%, 787,7 mln ýewro çenli ýokarlandy.

Sarp ediji harytlary bölümçesiniň girdejisi 19,1% ýokarlanyp, 3,55 mlrd ýewro, lýuks kosmetika bölümçesiniňki 15,8% ýokarlanyp, 3,6 mlrd ýewro ýetdi.Professional serişdeleriň satuwy 15,7% ýokarlanyp, 1,09 mlrd ýewrodan geçdi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 21% (174,85 mlrd ýewro çenli) pese gaçdy.

L’Oreal kompaniýasy Yves Saint Laurent, Lancome, Garnier, Vichy, Maybelline, Giorgio Armani, Prada we Kiehl’s ýaly 35 brend bilen kosmetika, atyr, deri we saç üçin serişdeleri öndürýär.

Ýene degişli makalalar

L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär