Fransiýanyň L'Oreal kompaniýasy eýýäm dört ýyl bäri dünýäniň iň gymmat bahaly kosmetiki önümçilikçileriniň sanawynyň başyny çekýär, muňa Brand Finance bahalandyryş kompaniýasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, Interfax.ru ýazýar.
Bu brendiň bahasy geçen ýylda 7,2 göterim, ýagny 12,03 milliard dollara çenli gymmatlady.
Ikinji orunda 10 göterim pese gaçandygyna garamazdan, Amerikanyň Estee Lauder brendi ýerleşdi.
Surat:oglobo.globo.com
Sanawda üçünji orny Germaniýanyň Beiersdorf kompaniýasyna degişli bolan Nivea brendi eýeledi, ol Gilette (Amerikanyň Procter & Gamble Co. kompaniýasyna degişli) kosmetiki serişdeleri öndürijini dördünji orna süýşürdi. Şunda bu brendleriň ikisiniň hem nyrhlary pese gaçdy, degişlilikde, 2,8 göterim (6,62 mlrd dollar) we 4,8 göterim (6,58 mlrd dollar).
Ilkinji onluga şeýle hem Dove (6,47 mlrd dollar), Guerlain (6,31 mlrd), Lancome (5,2 mlrd), Clinique (4,83 mlrd), Pantene (4,64 mlrd) we Garnier (4,1 mlrd) girdi.
Iň çalt ösýän brend Hytaýyň Chando kompaniýasy boldy, onuň bahasy bir ýylda 36 göterim ( $1,3 mlrd dollara çenli) gymmatlady. Ol sanawda 32-nji ýerde ýerleşýär.