Türkmenistanyň Maýn boýundaky Frankfurtdaky (GFR) Konsullygy Kýolnde kowçum ýaşaýan türkmenleriň medeni birleşiginiň ýardam bermeginde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygyna bagyşlanan agşam gurady.
Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilýeti, Kýolnyň döredijilik birleşikleriniň wekilleri we edebiýatçylar, şeýle hem kowçum ýaşaýan türkmenleriň agzalary we GFR-yň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ýygnananlar Magtymgulynyň ömri we döredijilik mirasy bilen tanyşdyryldy, şahyryň goşgylary okaldy. Duşuşykda türkmen halkynyň beýik ogluna bagyşlanan fotosuratlar we wideoşekiller, şeýle hem halkymyzyň däp-dessurlary we medeniýeti barada žiwopis eserleri görkezildi. Türkmen artistleri Pyragynyň goşgylaryna aýdymlary aýtdylar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Konsullygy kitap sergisini gurady. Türkmen tagamlary goýlan sahawatly desterhan çäräniň baýramçylyk ruhuny nygtady.