Kwitowanyň 26-njy Minuaryň 1-nji ýeňşi

Tennis boýunça Sidneýde geçirilen halkara bäsleşikde zenanlaryň arasyndaky finalda çehiýaly Petra Kwitowa bilen ýer eýelerinden Eşleý Barti duşuşdy. 1-nji setde 6-1 utulan Kwitowa 2-nji setde 7:5, 3-nji setde-de 7:6 hasaby bilen garşydaşyndan üstün çykdy.

Bu onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 26-njy çempionlygydyr. Şu ýyl 126-njy gezek geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanan Petra Kwitowa 2015-nji ýylda-da çempion bolupdy.Ýaryşda erkekleriň arasynda awstraliýaly Aleks de Minuar ýeňiş gazandy. 19 ýaşly tennisçi finalda italiýaly Andreas Seppini 7:5 we 7:6 hasaplar bilen utdy.

Bu onuň karýerasyndaky ilkinji çempionlygydyr.

Ýene degişli makalalar

“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek
Möwsümi Barti jemledi
Tennis täzelikleri
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
Dubaýda Jokowiç, Dohada Sabalenko ýeňiş gazandy