Kuweýtde nebit-gaz ýatagy tapyldy

Kuweýt nebit korporasiýasy (Kuwait Petroleum Corporation KPC) Pars aýlagyndaky Failaka adasynyň gündogarynda ägirt uly “Al-Nohata” nebit ýatagyny ýüze çykarandygyny mälim etdi. Korporasiýanyň baş müdiri Şeýh Nawaf Saud Al-Sabahyň aýtmagyna görä, ýatagyň ätiýaçlyklary ýurduň üç ýyllyk önümçiligine deňdir.

Kuweýt nebit korporasiýasynyň baş direktory, deslapky çaklamalara görä, ýatakda takmynan 2,1 milliard barrele çenli nebitiň we 5,1 trillion kub fut gazyň bolup biljekdigini atdy. Bu bolsa, takmynan 3,2 milliard barrele barabar nebit ekwiwalentine deňdir.

Kuweýt Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasynda (OPEK) nebit çykarmak boýunça bäşinji orunda durýar we her günde, takmynan, 2,48 million barrel nebit çykarýar. Ýurtda dünýäniň iň uly nebit gorlary bar we 2035-nji ýyla çenli nebit çykarylyşynyň möçberini her günde 4 million barrele çenli artdyrmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini tagta geçmegi mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini tagta geçmegi bilen gutlady