Kutahya Seramik brendiniň Aşgabatdaky dükany radiatorlaryň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

Kutahya Seramik brendiniň Aşgabatdaky dükany radiatorlaryň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

Kutahya Seramik kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy ýaşaýyş we ofis gurşawlary, şeýle-de wanna otaglary üçin radiatorlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär.

Haryt görnüşleriniň hatarynda dünýäniň meşhur brendleriniň, şol sanda WARMA — Ýewropada öndürilen guýma seksion bimetalliki radiatorlary hem bar. WARMA bimetallik radiatorlary ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň, administratiw, jemgyýetçilik hem-de önümçilik binalarynyň merkezleşdirilen we awtonom suw ýyladyş ulgamlarynda ulanmak maslahat berilýär.

Bu ýerde alyjylar özlerine seksion (4-den 12-1 çenli seksiýa), panelli, turbaly, dik we hatda dizaýnerlik radiatorlaryny saýlap bilerler. Dükanda radiatorlary gurnamak üçin hökmany bolan, dürli öndürijileriň öndüren düzüm bölekleriniň hem hödürlenilýändigi bellärliklidir.

Ýeri gelende bellesek, Kutahya Seramik dükanyndan şeýle-de sanitar keramikasyndan ýokary hilli önümleri, daşky keşbi gelşikli aksessuarlary we wanna mebellerini, suw akdyryjy enjamlarydyr duş ulgamlaryny, keramogranitden we beýleki materiallardan häzirki zaman ýer hem-de diwar örtüklerini satyn alyp bolýar.

Harytlaryň görnüşleri yzygiderli täze kolleksiýalar bilen doldurylýar.

Kutahya Seramik hem-de beýleki brendleriň önümleriniň görnüşleri bilen resmi paýlaýjynyň Aşgabatda ýerleşýän şu salgydaky dükanyndan giňişleýin tanşyp bilersiňiz: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, NG Kutahya binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çydamly Haryt HK-sy türkmenistanlylary Aşgabatdaky santehnika harytlarynyň dükanynyň açylyşyna çagyrýar
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
Meşhur Aýterek mobil goşundysyna uly täzelenme girizildi
GREENGO dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy
NG Kutahya biokaminleriň giň haryt görnüşlerini hödürleýär
NG Kütahya dükany duş kabinalaryny hödürleýär
Zyýat Hil: köpdürli süýjülikleri täze kesim görnüşinde hödürleýär