19—22-nji oktýabr aralygynda Türkiýäniň Kutahýa şäherinde geçirilen medeni pudaklaryň döredijilik sammitiniň çäginde türkmen suratkeşleri Dilber we Jeýran Umarowalaryň eserleri amaly-haşam sungat sergisinde görkezildi. Sammit medeniýet we döredijilik pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Ýadymyzda bolsa, oktýabr aýynyň başynda Dilber Umarowa Özbegistanyň Riştan şäherinde geçirilen Halkara küýzegärçilik forumynyň çäginde küýzegärleriň arasynda geçirilen bäsleşikde 2-nji orny eýeläp, 1000 amerikan dollary bilen sylaglanypdy. Şol bäsleşikden soň oňa Türkiýede geçiriljek sergä gatnaşmak üçin çakylyk gelip gowuşdy.
Bu sergä Dilberiň özi gatnaşyp bilmedi, ýöne ol öz eserlerini Stambulda magistr maksatnamasy boýunça bilim alýan gyzy Jeýrana iberdi. Jeýran eýýäm ýaşdygyna garamazdan maşgalasynda dowam edip gelýän sungat ýoluny mynasyp dowam etdirmegi başarýar. Kutahýada geçirilen sergide Dilberiň keramika we batik stilindäki eserleri görkezildi.
Jeýran Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlady. Häzirki wagtda bolsa Türkiýäniň Stambul şäherindäki Topkapi uniwersitetinde grafika, dizaýner ugry boýunça okuwyny dowam etdirýär.
Ol daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşyp gelýär. Onuň iňlis, türk we rus dilleriniň bilýändigini bellemelidiris.
Dilberiň eserleri ýerleşdirilen stend forumyň abraýly myhmanlarynyň, ünsüni özüne çekdi. Haýal etmän, ussatlyk bilen ýasalan heýkeljikler bilen her kim gyzyklandy.
Taryha, medeniýete we sungata baý Kutahýa şäheri 2017-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girýär.