Kurtulmuş Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde beýik türmek şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçýlygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän foruma Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Eýranyn Prezidenti Masud Pezeşkiýan, Pakistanyň Prezidenti Asyf Ali Zerdari, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Imamali Rahmon, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Ermenistanyň Preizdenti Wahan Haçaturýan, Mongoliýanyň Prezidenti Ukhnaagiin Hurelsuh, Tataristanyň Raisi Rüstem Minnihanow gatnaşdy.
Forumda Türkiýä TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş wekilçilik etdi.
Forumda çykyş eden Numan Kurtulmuş, sowuk uruşdan soň iki bloklylygyň ortadan aýrylmagyndan soň Türki-Yslam dünýäsiniň uly ösüşler edendigini, beýik we manyly gazananlarynyň bardygyny beýan etdi.
Kurtulmuş “Pyragynyň we ençeme Türki-Yslam sebitiniň ideýasy bolan türki dilleriň birligi, doganlyk we dost ýurtlar bilen ýaranlygy, ilki sebitimizi soň dünýämizi özgertjek beýik şertleri özünde jemleýär” diýdi.
Ganhor Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy hakynda-da durup geçen Kurtulmuş: “Gynansagam 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýyly dolandyrýan, halkara hukugyny äsgermeýän toparyň edýän gyrgynçylygy, bütin sebite wehim salýar we Türki-Yslam dünýäsiniň başda durmagynda ähli halklaryň köňüllerine ýara salýar” diýdi.
Halkara guramalaryň indi dünýä üçin göterilmesiz ýüke öwrülendigini beýan eden Numan Kurtulmuş; “Mundan beýläk öňümizdäki şu köpblokly dünýäniň emele geljek günlerine bilelikde, esasanda Türki-Yslam dünýäsi, şu ýerde jemlenşen dostlarymyz bilen bilelikde täze global ulgamyň, täze global guramalaryň, täze global kadalaryň we sanksiýalaryň wagtynyň gelendigini yglan edip, bu ugurdaky tagallalarymyzy güýçlendireliň” diýip, çagyryş berdi.