Kursk Söweşi

Kursk Söweşi

Ukrainanyň harby goşuny garaşylmadyk ýagdaýda Russiýanyň Kursk sebiti basyp aldy we basyp alyşlyk dowam edýär.Rus harby goşunynyň Kurska guralan hüjüme degişli gaýtawuly görkezmekde kynçylyk çekýändigi görülýär. 6-njy awgustda başlan hüjümleriň çäginde häzire çenli 1200 inedördül kilometrlik meýdan basylyp alyndy we 250 müňden gowrak rus raýatyny öýlerini terk etmeli boldy.

Bu garaşylmadyk göçüm rus goşunynyň henizem ynjykdygyny görkeýär.Ruslar bolsa Donesk sebitinde öňe gitmäge çalyşýar.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Wladimir Putiniň ýörite harby operasiýa tabşyrygy boýunça başlan Russiýa-Ukraina söweşi Kursk sebitinde Ukrainanyň harby goşunynyň garşy göçümi bilen täze sepgide ýeten ýaly görünýär. 6-njy awgustda başlan garaşylmadyk hüjüm bilen söweşiň başlan gününden bäri Ukrainanyň harby goşuny ilkinji gezek rus topraklaryny basyp almaga başlady.

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Oleksandr Syrskoma görä ukrain güýçleri häzire çenli müň inedördül kilometrlik meýdany ele geçirdi.Sebitden gelip gowşan habarlarda ukrain güýçleriniň 1200 inedördül kilometrlik meýdany ele geçirendigi nygtalýar. İlatly 84 ýeriň Ukrainanyň harby goşuny tarapyndan ele geçirlendigi öňe sürülýär.

Basyp alyşlyk sebäpli rus raýatlaryndan 250 müň adamyň öýlerini terk edendigi beýan edilýär.Ruslaryň ýaşyl awtobuslar bilen sebitiň ýaşaýjylaryny başga ýere göçürýändigi aýdylýar. Ýadyňyşa düşýän bolsa ruslaryň gatnaşmagynda Siriýanyň Halap şäherinde uly gyrgynçylyklaryň edilen döwründe şol ýaşyl awtobuslar bilen halaplylar sebitden çykarylýardy. İndi ruslar hem şuňa meňzeş wakany başdan geçirýär.

Kursk Göçümi Stategiýa Taýdan Näme Many Aňladýar?

Kurks oblasty, edil Ukraina serhedinde ýerleşýän esasy rus sebitlerinden biri.Kursk rus esgerleriniň Donesk sebitine guraýan hüjümleri taýdan hem diýseň möhüm.Demir ýol liniýalary, tebigi gaz dolduryş bekedi we uly ýadro bekedi şol sebitde ýerleşýär.

Elbetde mundan daşary Ukrainanyň harby goşunynyň şeýle üstünlik gazanmagy diýseň möhümdi.Sebäbi soňky aýlarda ruslar front liniýasynda Ukrainanyň harby goşunynda esgerleriň sanynyň azdygy sebäpli öňe gidişlik etmäge başlady.

Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy we Eýran-Ysraýyl çaknyşygy meselesiniň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýelemegi we ünsleriň Ýakyn Gündogara gönükmegi Ukrainany biynjalyk edýärdi.Mundan başgada ABŞ-na golaýlan prezident saýlawlary we Tramp bilen Wensiň Ukraina has köp goldaw berip bilmejekdiklerini beýan etmegi Ukrainada ruhy çökgünlige sebäp bolýardy.

Ukrainanyň harby goşunynyň, rus goşunlarynyň ynjyklygyny görkezmegi we garaşylmadyk ýagdaýda eden göçümi bilen gysga wagtda şeýle hem ýeri basyp almagy bolsa ünsleri özüne çekdi.

Basyp alyşlygyň üstünden birnäçe hepdäniň geçendigine garamazdan rus goşuny ýeterlik garşylyk görkezip sebiti yzyna almagy başaryp bilmedi.Tersine Ukrainanyň harby goşuny sebitde öňe barýar.Köp sanly rus esgeriniň ýesir alynmagy, rus goşunynyň henizem uly kynçylyklary başdan geçirýändigini, gönükdiriş, meýilleşdiriş, logistika ukyplarynyň henizem ýeterlik däldigini görkezýär.

Kursk göçüminin ilkinji sagatlarynda ýüzden gowrak rus esgeri ýesir düşdi.Ol Russiýanyň tylda-da ýeterlik harby güýjüniň ýokdugyny görkezýär.

Şeýlelikde Kurska guralan hüjüm bilen ukrain goşuny psihiki üstünligi gaýtadan ele aldy.Indi Putiniň gyssagly gaýtawul görkezmegi, goşundaky konstruktiw meseleleriň çözülmegi üçin möhüm kararlary kabul etme zerurlygyny ýüze çykardy. Şeýle hem Kurskdaky basyp alyş giňese, Putiniň uruş we doly mobilizlenme kararyny kabul etmegi, oýunyň kadalaryny üýtgetmegi gerek bolar.

Rus goşunynyň häzirki wagtda Doneske gönügendigi we ol ýerde käbir üstünlikleri gazanandygy görülýär.

Donesk dolulygyna synansa, ruslar Kursk hüjümine garşy göçüm edip, gaýtadan güýçlenerler. Netijede Kursk hüjümi iki tarap üçin hem howply we garaşylmadyk waka boldy.

Ýene degişli makalalar

Şols Germaniýanyň Russiýa-Ukraina Urşunda Tarap Tutmajakdygyny Beýan Etdi
Russiýa Swiridonowkany Alandygyny Habar Berdi
Ukrainanyň Goşuny Russiýanyň Territoriýasynyň 1000 Inedördül Kilometrini Aldy
Zelenskiý Ýurdunyň Daşary Ýurtlardaky Ilçileri Bilen Duşuşdy
Russiýa Ukrainaly 99 Esgeriň Jesedini Berdi
“Çelsi” ukrainaly ýyldyzy düzümine goşdy, klubuň iň gymmat 2-nji transferi