Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda ýedi we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda tutluşyklar göz öňünde tutulýar.
Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.
Geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynyň baýraklary ugrunda 60 ýurduň wekilleri bäsleşildiler. Türkmenistana 13 pälwan (7 erkek we 6 zenan) wekilçilik etdi, olaryň üçüsi Watanymyza medally gaýdyp geldi.
Türkmenistanyň toparynda Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa 48 kilograma çenli agram derejesinde kümüş, Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa (52 kg çenli) hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Gurbanowa (78 kg çenli) agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldular.