Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde dowam edýän Kuraş boýunça dünýä çempionatda türkmenistanly türgenleriň ýene-de üçüsi ilkinji ýeňşini gazanyp, ýaryşyň nobatdaky tapgyryna çykdylar.
Hojambazly telekeçi Sapa Sapaýew 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçiren çärýekfinal duşuşygynda owganystanly Mirwais Omar Hilden üstün çykyp, çempionatda bürünç medala mynasyp bolmak mümkinçiligini kepillendirdi.
100 kilogramdan ýokary agram derejesi dünýä çempionatynyň iň agyr agram derejesidir. Bu agram derejesindäki ýaryşlara türgenleriň 15-si gatnaşýar.
Şeýle hem zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan Gülşat Annaýewa çärýekfinal tutluşygynda ýeňiş gazanyp, adyny ýarymfinala ýazdyrmagy başardy. Şeýlelikde, Gülşat hem adyny bürünç medala ýazdyrmak mümkinçiligini kepillendirdi. Indi ol çempionatyň altyn ýa-da kümüş medaly üçin göreş alyp barar.
Dünýä çempionaty 2019-yň bürünç medalçysy Mariýa Lohowa hem çärýekfinalda ýeňiş gazanyp, ýaryşy dowam etmek mümkinçiligini gazandy.