Kuraş 2023: türkmen türgenleri ilkinji iki finalda iki kümüş medal gazandylar

Kuraş  2023: türkmen türgenleri ilkinji iki finalda iki kümüş medal gazandylar

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň iki agzasy Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Has takygy, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde Aýşirin Haýdarowa, 52 kilograam çenli agram derejesinde bolsa Aýnur Amanowa ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady.

Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Aýşirin Haýdarowa final tutluşygyny özbegistanly Ulbusin Hakimowa bilen geçirip, garşydaşyndana asgyn geldi. Aýnur Amanowa bolsa iri ýaryşlaryň köpüsindäki esasy bäsdeşi özbek türgeni Hilola Ortikboýewadan ýeňildi.

Şu gün türkmen türgenleriniň ýene üçüsi final duşuşygyny geçirer.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş 2023: Sanjar Abdyrahmanow hem finala çykdy
Kuraş 2023: ilkinji medalçy Gülşat Annaýewa