Kuraş 2023: ilkinji medalçy Gülşat Annaýewa

Kuraş  2023: ilkinji medalçy  Gülşat Annaýewa

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji medalçysy belli boldy.

Zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejäniň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülşat Annaýewa ýarymfinalda eýranly Pardis Eidiwandiden üstün asgyn gelip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Gülşat Annaýewa kuraşyň Lebap mekdebiniň uçurymydyr. Türkmenabat şäherindäki sport mekdeplerinde türgenleşen Gülşat şu okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe boldy. Şirin Kubaýewanyň 20 ýaşly şägirdi halkara ýaryşlardaky ilkinji medalyny gazandy.

Mundan ozal Aýşirin Haýdarowa bilen Aýnur Amanowanyň finala çyandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş 2023: Sanjar Abdyrahmanow hem finala çykdy
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa güýçli garşydaşyndan üstün çykyp, adyny finala ýazdyrdy
Kuraş 2023: Aýnur Amanowa nobatdaky çempionlygyna ýakynlaşdy