Kuman Messi we de Ýongy sanawa almady

Kuman Messi we de Ýongy sanawa almady

Ispaniýanyň çempionatynda soňky 29 ýylyň şowsuz başlangyjyny başdan geçirýän “Barselonanyň” tälimçisi Ronald Kuman toparynyň Çempionlar ligasyndaky duşuşygynda Messini oýnatmaz.Tälimçi Lionel Messi bilen gollandiýaly Frenki De Ýongy şu günki “Dinamo Kiýew” bilen boljak duşuşygyň sanawyna almady.

Tälimçi 2 ýyldyz oýunçysynyň dynç almagynyň gerekdigini beýan edip, şol sebäpli düzüme almandygyny habar berdi. Şu gün myhmançylykda “Dinamo Kiýew” bilen duşuşjak “Barselonada” şikesi sebäpli Žerar Pike, Serji Roberto, Ansu Fati dagy meýdança çykmaz. “Barselona” şu günki oýunda ýeňiş gazanan ýagdaýynda wagtyndan öň 1/8 finalda oýnamaga ygtyýar alar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Barselona Raýo Walýekanony ýeňip, Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 finalyna çykdy
Frenki de Ýog: Mende hiç hili täzelik ýok
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!