Şinhua habarlar agentliginiň habaryna görä, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I, ýurduna resmi sapar guran Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen Guançžou şäherinde duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Wan I, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklary sagdyn we durnukly ýagdaýda özgerdilmegi barada çagyryş berdi.
Hytaýyň we Ukrainanyň dostlukly ýurtlardygyny we 10 ýyldan gowrak wagt bäri, strategik hyzmatdaşlyklarynyň bardygyny aýdan Wan I, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bolsa ençeme ýyl bäri durnukly ýagdaýda dowam edýändigini beýan etdi.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba bolsa öz gezeginde rus tarapy bilen gepleşikler geçirmek isleýändiklerini we taýardyklaryny, gepleşikleriň garaşsyz, adalatly we hemişelik bir parahatçylygy maksat edinýändigini habar berdi.
Hytaýyň parahatçylygy üpjün etmekdäki oňyn we konstruktiw rolundan hoşaldyklaryny aýdan Kuleba, iki ýurduň diňe strategik hyzmatdaş bolmandygyny, şol bir wagtda möhüm söwda hyzmatdaşlardygyny aýan etdi.
Russiýa-Ukraina uruşynyň başlan senesi bolan 2022-nji ýyldan bäri Hytaýa ilkinji resmi saparyny guran Kulebanyň saparynyň anna gününe çenli dowam etmegine garaşylýar.