Kütahýa Keramiki Plitkasy

Kütahýa Keramiki Plitkasy

Türkiyäniň Egeý sebitinde ýerleşýän taryhy Kütahýa şäheri, bezeg sungatynyň aýratyn bir nusgasyny emele getirýän keramiki plitkalary bilen giňden tanalýar.At-abraýy Türkiyäniň serhetleriniň çäginden çykan Kütahýa Keramiki Plitkasy, Kütahýanyň Keramikaçylar, suratkeşler we senetçilik söwdagärler palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2005-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Keramika Plitkasy palçyk, kaolin, kwars we hek daşy ýaly organiki däl garyndylaryň üwemek, suwsyzlandyrmak, şekillendirmek we degişli temperaturada bişirmek arkaly alynýan ak reňkdäki önümi dury ýa-da reňkli syrça bilen örtmek we ikinji gezek bişirmek arkaly alynýar.

Esasan hem diwarlaryň bezelmeginden ulanylýan keramiki plitka tabaklar, waza we trinketler ýaly ýadygärlik görnüşinde bolup bilýär.Keramiki plitka sungatynyň güýçli zähmet we ussatlyk talap edilýän köp tapgyry bar.

Esasan hem nagyşlar uly tejribä eýe bolan ussatlar we tälim beriji eller tarapyndan taýýarlanylýar.Kütahýa Keramiki Plitkasyny ýasamakda ulanylýan motifler näbellidir we türk medeniýetiniň möhüm bir bölegidir. Çigildem, liliýa, bägül, gwozdika, krokus, zagnyran, sünbül we beýleki köp sanly gül motiwleri Keramiki Plitka nagşynyň esasyny emele getirýär.

Uýgurlar döwletinden häzirki güne çenli gelip ýeten we takmynan 1000 ýyllyk geçmişi bolan Keramiki Plitka önümçiligi, esasan hem Anadoly Seljukly döwleti we Osmanly imperiýasy zamanynda ýokary çäge ýetdi.Konýa, Siwas, Kaýseri, Malatýa we Erzurum başda bolmak bilen ençeme ýaşaýyş ýerinde barlyklaryny dowam etdirýän taryhy gurluşlar bilen birlikde Bursa, Edirne we Stambul ýaly şäherlerdäki uly we taryhy metjitler hem Kütahýa Keramiki Plitkalary bilen bezelipdir.

Ýene degişli makalalar

Kyzylyrmak Derýasy
“Azerbaýjanly Doganlarymyz Bilen Ulag İnfrastrukturamyzy Ösdüreris”
Super Liganyň 12-njy hepdesi tamam boldy
Trendýol Super Liganyň 26-njy hepdesi tamamlandy
Konýa Peýnir Süýjüsi
Garagalpak Türkçesi