Küştdepdi halklary birlpeşdirýän tans

Şu gün Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşyga häzirkizaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köpsanly artistleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň, olaryň mirasyny sungatda wagyz etmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar.Biziň ýurdumyzyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna soňky ýyllarda “Görogly dessançylyk sungaty” (2015), “Küştdepdi aýdym we tans dessury” (2017), “Türkmen milli halyçylyk sungaty” (2019) ýaly türkmenleriň döredijilik zehininiň beýik gazananlary girizildi. Ýenede birnäçe täsin “desgalar” dutar ýasamak sendi, dutary çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty we ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini ýetişdirmek boýunça ýetilen sepgitler bu abraýly sanawa girmek nobatyna garaşýarlar.

Bu asylly işler milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasyny ýer ýüzünde giňden wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär.Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli aýdym-tans sungaynda türkmen halkynyň ruhy tejribesi hem-de häzirki döwrüň döredijilik meýilleri sazlaşyklyw utgaşýar.

Dabaranyň resmi böleginden soňra Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli türki dilli ýurtlaryň köpsanlysynyň: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň aýdymçylary we tans toparlarynyň agzalary türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlendiler.Gutlaglara Russiýa Federasiýasynyň sebitleri Başkortostan, Tatarystan, Kabardina-Balkariýa, Saha-Ýakutiýa goşuldylar. Şeýle hem dabara Moldowanyň Gagauziýa sebiti goşuldy.

Olaryň ählisi bilelikde joşgunly “Kuştdepdi” wideofestiwalyny emele getirdiler, onuň barşynda TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşinde türkmen halk tanslarynyň ýerine ýetirilişiniň wideoroliklerini görkezdiler we ony aýdym bilen utgaşdyrdylar.

Her bir topar milli däp-dessurlary açyp görkezýän tansa öz “öwüşgünini” çaýdy, onuň joşgunly gözelligi halk kalbynyň ruhuny we güýjüni özünde jemleýär.Bu köpöwüşgünli sazly-etnografiýa marafonyny Türkmenistanyň Döwlet tans topary jemledi.

Ýene degişli makalalar

Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
TÜRKSOÝ-nyň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşde küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler
Küştdepdi halklary birleşdirýän tans
Küştdepdi halklary birleşdirýän tans
02.12.2020 | Küştdepdi halklary birlpeşdirýän tans
Küştdepdi halklary birleşdirýän tans