24 ýaşly türkmenistanly küştçi Saparmyrat Atabaýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Rokirowka-2023 Masters küşt festiwalynda ýeňiş gazanyp, halkara grossmeýster derejesine eýe boldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektrin neşiri habar berdi.
9 tapgyrda şweýsar sistemasy boýunça geçirilen ýaryşa 6 ýurtdan 62 küştçi halkara grossmeýsterleriň üçüsi, halkara ussatlaryň bäşisi we FIDE-niň ussatlarynyň hem bäşisi gatnaşdy.
Altynjy tapgyrda esasy bäsdeşi amerikaly halkara grossmeýster Timur Gareýewden (FIDE reýtingi 2570) üstün çykandan soň, Saparmyrat Atabaýew mümkin bolan alty utukdan 6 utuk gazanyp ýeke-täk lider boldy.Soňky üç oýunda ýene 1,5 utuk toplady we netijede ýaryşy 7,5 utuk bilen tamamlady.
T.Gareýew bilen utugy deň bolsa-da, şahsy duşuşykda ýeňiş gazananlygy üçin S.Atabaýew birinji orny eýeledi.Täjigistanly halkara ussady Muhammet Husenhojaýew 7 utuk bilen bürünç medal gazandy.
Ýaryşdan öň FIDE reýtinginde 2497 punkta eýe bolan Saparmyrat 9 tapgyrda ýene 7 reýting punktuny toplap, halkara grossmeýsteri derejesini almak üçin zerur bolan 2500 punktdan ýokarlady. Halkara Küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) indiki mejlisinde bu çözgüt resmileşdiriler. Şeýlelikde ol Türkmenistanyň taryhyndaky onuny halkara grossmeýster boldy.
Geçen ýyl Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Meýlis Annaberdiýew ýurduň sekizinji grossmeýsteri bolupdy. Şu ýylyň başynda bolsa Saparmyradyň doganoglany Ýusup Atabaýew bu derejä eýe boldy.