Kümüş Ýüpek kärhanasynyň halyçylary her otagyň interýerine kybap gelýän halylary döredýärler

Kümüş Ýüpek kärhanasynyň halyçylary her otagyň interýerine kybap gelýän halylary döredýärler

Döwrebap interýerde milli äheňde dokalan halylar meşhur bezegleriň biri bolmagynda galýar. Şeýle gaýtalanmajak öwüşginli halylardan myhman jaý we ýatylýan otag, çagalar üçin niýetlenen we beýleki otaglar üçin laýyk gelýänini saýlap almagy Halajyň Kümüş Ýüpek kärhanasy hödürleýär.

Kärhananyň tejribeli halyçylary milli öwüşginli nagyşlary, özünde çuňňur manyny jemleýän türkmen milli göllerini, şeýle hem pars halylarynyň floristik nagyşlaryny ussatlyk bilen döredýärler.

Bu hödürlenilýän ajaýyp nusgalaryň reňkdarlygy we sazlaşyklylygy halaç halylarynyň islendik ýeriň dizaýn bezeg aýratynlyklaryna kybap bolýan häsiýetini ýüze çykarýar.

Mebelleriniň sany az bolan otag üçin ortaça ölçegli halylar laýykdyr. Bu ýerde olar estetiki bolmak bilen birlikde, zolaklaýyn hyzmaty hem ýerine ýetirýär.

2,7х3,6 metrden kiçi bolmadyk uly ölçegdäki halylary bolsa diwan, stol we stul, mini kreslo hem-de uly göwrümli beýleki mebelleri bolan giň myhman otagy üçin almak ýerliklidir.

Iki adam ýatmagy üçin niýetlenen ýatylýan otagda bolsa onuň ölçegine laýyk gelýän uly halyny ýazmak bolar. Ol krowatyň iki ýa-da üç tarapyndan 50-70 santimetr töweregi ölçegde deň gyralygyna çykmalydyr. Bu ýagdaýda göniburçluk ýa-da deňtaraply dörtbuçluk formaly nusgawy haly has gelşikli görner.

Çagalaryň otagyny ýüň haly bilen has göwnejaý ýylatmak bolar. Müşderileriň isleglerine laýyklykda, çagalar üçin niýetlenen otagyň halylarynyň dizaýny we formasy başgaça hem bolup biler.

Özbaşdak sargyt esasyndaky halylary nazarda tutup, Kümüş Ýüpek HJ-niň hünärmenleri awtorlyk ölçeglerine laýyk görnüşde işleniň taýýarlanan halylary hem dokap berýärler. Munda halynyň ölçegi, gölleri we galyňlygy alyjy bilen öňünden kesgitlenilýär.

Sargyt etmek we halaç halylaryny satyn almak bilen bagly sowallar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Kümüş Ýüpek hojalyk jemgyýetiniň giň haryt görnüşleri bilen turkmen-carpets.com saýtyndan tanyşmak bolýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ikinji NG Kutahya gurluşyk materiallary we mebel dükany açyldy
Türkmen gölleriniň nepisligi halaç halylarynda
Halajyň haly önümleri — Täze ýyla ajaýyp sowgat
Güneşli zaman HK özbaşdak sargytlar boýunça mebel önümçiligine başlady
Arassa Kümüş Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ulagy arassalaýyş hyzmatyny hödürleýär
Kümüş Ýüpek dükanynda halylaryň ähli görnüşine arzanladyş yglan edildi