Kümüş Ýüpek haly kärhanasy önümlerine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Kümüş Ýüpek haly kärhanasy önümlerine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän Kümüş Ýüpek haly önümçilik kärhanasy el halylarynyň ähli görnüşlerine 30%-den 50%-e çenli arzanladyşyň yglan edilýändigi barada habar berýär.

Kümüş Ýüpek kärhanasynyň dokmaçylary dürli görnüşdäki we islendik ölçege niýetlenen halylary, şeýle-de myhman we ýatylýan otag üçin, çagalar otagyna niýetlenen halylary, halyçalar, namazlyklar, haly horjunlary ýaly dürli maksatly haly önümlerini gysga möhletiň dowamynda dokap berýärler. Halylaryň dokalyşynda türkmen milli gölleri bilen birlikde pars halylaryna mahsus bolan ajaýyp şekiller hem ulanylýar.

Aşgabat şäherindäki Oguzkent myhmanhanasynyň 1-nji gatynda Halajyň Kümüş Ýüpek haly kärhanasynyň haly dükanynyň açylandygyny ýatladýarys.

Şeýle-de Halajyň Kümüş Ýüpek haly kärhanasynyň önümleri bilen tanyşmak we haly sargyt etmek üçin kärhananyň sosial media ulgamyndaky hasabyna ýa-da Turkmen Carpets web saýtyna girip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Kümüş Ýüpek dükanynda halylaryň ähli görnüşine arzanladyş yglan edildi
Kümüş Ýüpek dükanynda haly we haly önümlerine 50% arzanladyş dowam edýär
Kümüş Ýüpek HJ Aşgabatda haly dükanyny açdy
Halaçly halyçylar Täze ýyla sowgatlyk halylary dokamak hyzmatyny hödürleýärler
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenabatda basketbol ýaryşyny geçirdi