Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary oýnaldy. Çekeleşikli geçen oýunlarda “Altyn asyr” bilen “Köpetdag” toparlary finala çykmaga golaý geldiler. “Altyn asyr” myhmançylykda “Ahal” bilen duşuşdy. Duşuşyk 2-0 hasabynda “Altyn asyryň” peýdasyna tamamlandy. Aragatnaşykçylaryň gollaryny 28-nji minutda Röwşen Halmämmedow bilen 46-njy minutda Resul Hojaýew derwezä girizdi.
Ýarym finalyň beýleki oýunda “Köpetdag” öz meýdançasynda “Şagadamdan” uly hasap üstün çykdy.Eýýäm 3-nji minutda derwezeçisi Nikita Gorbunow gyzyl kart alyp oýundan çykan “Şagadamyň” derwezesinden gollary 3-sini Döwletmyrat Seýitmuhammedow (20, 57, 65), 2-sini Yhlas Saparmämmedow (12, 81), 1-ini bolsa Şiri Annaýew (89) derwezä girizdi. “Şagadam” toparynyň ýeke-täk pökgüsini 26-njy minutda Hemra Amanmämmedow öz adyna ýazdyrdy.
Ýarym finalyň jogap oýunlary 5-nji dekabrda oýnalar.
The post Kubok ýaryşynda “Altyn asyr” bilen “Köpetdag” finala golaý appeared first on Zaman Türkmenistan.