Prezident R. T. Erdogan Türkiýede saparda bolýan Kubanyň Prezidenti Migel Mario Dias Kanel Bermudesi resmi dabara bilen garşylady.
Garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçiren Erdogan bilen Bermudes soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Erdogan bilen Bermudes iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalara gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.
Iki lider soň bolsa metbugata beýannama berdi.
Bermudes bilen geçiren gepleşiklerinde Türkiýe-Kuba gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Erdogan, “Birnäçe ýyldan bäri bir taraply ýagdaýda Kuba goýlan sanksiýalar özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyny bökdedi. Biz özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk ähli taraplaýyn ösdürilmegi meselesinde ygrarly tutum alyp bararys” diýdi.
Erdogan, Bermudes bilen Türkiýe bilen Kubanyň arasyndaky söwda mukdaryny 200 million dollara çykarmagy maksat edinýändiklerini belledi.
Myhman Prezident Bermudes bolsa çykyşynda “Söwda gatnaşyklarynyň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýdi.
Bermudes, Prezident Erdogana, özara bähbide laýyklykda syýahatçylyk, oba hojalyk, maldarçylyk, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda ýakyndan işleşmek isleýändiklerini belledi.
Prezident Erdogan myhman kärdeşi Kubanyň Prezidenti Bermudesiň hormatyna agşam naharyny berdi.