Kubanyň Prezidenti Türkiyä geldi

Kubanyň Prezidenti Türkiyä geldi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiyä resmi sapar bilen gelen Kubanyň Prezidenti Migel Mario Dias Kanel Bermudes, paýtagt Ankara şäherinde ilki bilen Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdi.

Ýanyndaky wekiliýet bilen Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň mawzoleýine baran Kubanyň Prezidenti Migel Mario Dias Kanel Bermudes, ol ýerde gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi.

Kubanyň Prezidenti Migel Mario Dias Kanel Bermudes ýadygärlik surata düşeninden soň Anytkabiriň ýörite depderine gol çekdi.

Bermudes Anytkabiriň depderine şulary ýazdy: Kubanyň wekiliýeti Baş serkerde Fidel Kastronyň Kuba Respublikasy üçin ylham çeşmesi bolandygyny häsýetlendiren, döwrebap türk milletiniň esaslandyryjy atasy Kemal Atatürke hormadyny görkezmek üçin bu ýeri zyýarat edýär. Kuba we türk halklary hökmünde her iki milletiň hem esaslandyryjylarynyň mirasy bolan umumy gymmatlyklara eýedir.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, paýtagt Ankarada geçiriljek resmi gepleşiklerde, Türkiýe bilen Kubanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri seljerler.

Türkiýe bilen Kubanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 70 ýyllygyna gabat gelýän 2 günlük saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Latyn Amerikanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler gün tertibine getirler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň Prezidentine gutlag iberdi
Kubanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolýar
Kubanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar