Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýiony kabul etdi.
14-nji fewralda bolan duşuşygyň başynda Kubanyň ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny we bilelikdäki işi mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler. Şeýle hem söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümligi nygtaldy.Taraplar BMG ýaly halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň ugry boýunça özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, medeniýet we sport ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.