Kubanyň Döwlet baştutany Migel Dias Kanel sosial media hasaby X-den beren beýanatynda, Ysraýylyň hüjümleri bilen haraba öwrülen Gazanyň suratlaryny eýerijileri bilen paýlaşdy.
Kubanyň Döwlet baştutany Migel Dias Kanel: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyna garşy edýän wagşylygy indi bes edilmeli. Bu adamzat üçin utanç günüdir we halkara hukugy üçin agyr şikesdir" diýip belledi.
Migel Dias Kanel 26-njy dekabrda beren beýanatynda hem, Ysraýylyň Gazada dowam hüjümlerine berk reaksiýa bildirip: "Kuba Palestina üçin hemişe sesini gataldar we bolup geçýän wakalara hiç wagt biperwaý galmaz" diýip aýdypdy.