Kuba Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Kuba Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Kubanyň Hökümeti Türkmenistan bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak isleýär. Şunuň bilen baglylykda, Kubanyň Premýer-ministri Manuel Marrero Krus bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, wise-premýer H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşyk Soçi şäherinde geçirilen Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň çäklerinde guraldy.Bu barada Manuel Marrero Krus özüniň twitter hasabynda mälim etdi.

Marrero twitter hasabynda: Wise-premýer H.Geldimyradow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we Türkmenistan bilen gaz, bugdaý we dökün öndürmek ugry bilen baglanyşykly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk diýip belledi.

Kubanyň ýokary derejeli döwlet işgäri Ýewraziýa Ydysady Bileleşigine synçy ýurduň wekili hökmünde Soçi şäherine geldi.Marrero Mariel erkin ykdysady zolak üçin senagat seýilgähini döretmegi teklip etdi. Öňe sürlen teklip esasynda önümçilik zynjyrlaryny ösdürmek, sebitara integrasiýany güýçlendirmek göz öňüne tutulýar.

Gawananyň Ýewraziýa hökümetara geňeşini kabul etmäge taýýardygy hem aýdyldy.Kuba Latyn Amerikasy we Karib sebitine derweze hödürleýär diýip, ýokary derejeli wekil belledi.

Wise-premýer H.Geldimyradow hem öz gezeginde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň giňeldilen mejlisinde Türkmenistanyň Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňzi we Merkezi Aziýa — Pars aýlag ýollarynyň ösüşinde Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Hytaýyň arasyndaky ýük akymlaryny güýçlendirmäge kömek etjekdigini aýtdy.

2023-nji ýylyň fewral aýynda Kubanyň täze ilçisi Karlos Enrike Waldez de la Konsepsiýa Türkmenistanda akkreditasiýa edildi. Kubaly diplomatyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde medeniýet, sport we saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Enrico Marinelli erkek egin-eşik dükany açyldy
Enrico Marinelli dükany Gurban baýramy mynasybetli 30% arzanladyş yglan edýär
Enrico Marinelli dükany tomusky uly arzanladyşyny yglan edýär
Türki Döwletleriň Içeri Işler Ministleri Çolpan-Atada Duşuşdy
Aşgabatda TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi
Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy