“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar

“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar

Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň golçur kärhanasy “KTZ Express” Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşamagy amala aşyrýar.

Bu ýük daşamasy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň bir bölegidir. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat beýanatynda penşenbe güni habar berdi.

Künji tohumy bilen doldurylan konteýnerler ilki bilen Hindistanyň günbataryndaky Mundra portundan Bandar Abbas (Eýran) portuna deňiz ulaglary arkaly iberildi. Soňra konteýnerler demir ýol arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçip, Almaty şäherine barar. Konteýnerler soňky nokadyna 20 günden gowrak wagtyň dowamynda daşalar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesi Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy bir bölegi bolup durýar. Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
AŞGABATDA ULAG BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Russiýa, Gazagystan we Türkmenistan bilelikdäki kärhanany döredýärler