Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy

Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy

Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň gubernatory Sergeý Aksenow, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Kirow sebitindäki poligonda entek näme sebäpli ýüze çykandygy anyklanyp bilinmedik ýangynyň başlandygyny habar berdi.

Ýangynda adam ýitgileriniň çekilmändigini aýdan Sergeý Aksenow, ýangyn sebäpli Tawrida ýolunyň ýapylandygyny mälim etdi.

Rus metbugatynyň ýerli resmilere esaslanyp beren maglumatyna görä, ýangyn sebäpli Kriniçki, Aýwazowskoýe, Abrikosowka we Priwetnoýe obalarynda ýaşaýan 2 müň 225 adam başga ýerlere ewakuasiýa edildi.

Käbir sosial media hasaplarynda poligondaky ýangynyň ok-däri ammarynda ýüze çykandygy öňe sürüldi.

Beýleki tarapdan bolsa Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka müdürliginiň başlygy Kirill Budanow ýangyn bilen baglanşykly beren beýanatynda: "Basyp alyşlyk astyndaky Krymda üstünlikli operasiýa geçirildi" diýip habar berdi.

Budanow sosial media hasabyndan poligonda ýüze çykan ýangyn bilen baglanşykly materiallary paýlaşyp: "Duşman zyýanyň möçberini we ýitgileriniň sanyny gizleýär" diýip mälim etdi.

Budanow operasiýanyň razwedka gullugy we Ukrainanyň goşuny tarapyndan geçirilendigini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär