Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Sewastopol sebitiniň gubernatory Mihail Rawojaýew Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Sewastopoldaky hüjümde 2-si çaga jemi 4 adam ýogaldy, 151 adam ýaralandy. Ýaralanan adamlaryň 82-si hassahana ýatyryldy" diýip habar berdi.

Kreml tarapyndan berilen beýanatda bolsa, Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putine Sewastopoldaky hüjüm bilen baglanşykly maglumat berilendigi bellenip, Putiniň rus hökümedi, saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri we harbylar bilen bu babatda dowamly aragatnaşyk içindedigi beýan edildi.

Russiýanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Alekseý Kuznetsowyň buýrugy esasynda ýurduň beýleki sebitlerinden saglygy goraýyş hünärmenleriniň hüjümde ýaralanan adamlara lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen Sewastopola ugradylandygyny aýan etdi.

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa "Rossiya-24" telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Kiýewiň Sewastopola hüjüm guramak bilen jenaýat edendigini nygtap: "Halkara jemgyýetiň bu hüjüme reaksiýa görkezmegi üçin tagalla ederis" diýip belledi.

Sewastopol sebitiniň gubernatory Mihail Rawojaýew düýn beren beýanatynda Ukrainanyň goşunynyň Sewastopola raketalar bilen hüjümler guramagy netijesidne 3 adamyň ýogalandygyny, 100 adamyň hem ýaralanandygyny habar beripdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem hüjümiň amerikan önümi bolan "ATACMS" taktiki raketalar bilen guralandygyny, Waşingtonyň wakadan jogapkärdigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär