Krymda Birnäçe Partlama Boldy

Krymda Birnäçe Partlama Boldy

16-njy awgust gijesi Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymyň käbir şäherlerinde partlamalaryň bolandygy habar berildi. Ukrainanyň Kerç şäherine barýan gämi batdy we Krasnodar oblastynyň Çernomorsk etrabynda bir gämä hüjüm guraldy.

“Krymski Weter” atly telegram ýaýlymy ýerli halkdan alan maglumatlaryna salgylanyp, Kerç gämi duralgasynda ýangyn bolandygyny ýazdy.

Ýerli metbugatyň mälim etmegine görä Sewastopolyň, Simferopolyň we Kerçiň ýaşaýjylary ýerli wagt bilen 3.30-da partlama seslerini eşitdiler.

Krymyň goňşusy Krasnodarda ýerleşýän Çernamorsk etrabynda-da ýerli wagt bilen 4.30-da köp sanly partlamalar boldy.

Ýerli halkyň habar bermegine görä Krymy Russiýa birikdirýän Kerç köprüsi gije sagat 2 töwereginde gatnawa ýapyldy. Köpri ertir sagat 7-de gaýtadan açyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa Gara deňizde gije Ukraina degişli 2 uçarmansyz howa ulagynyň we 2 kapitansyz gäminiň hatardan çykarylandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy
Durnukly we Iş Ýüzüne Geçirilme Aýratynlygy Bolan Parahatçylyk Üçin Tagalla Edildi